WIZUAL GÖZEGÇILIK

Wizual we ölçeg gözegçiligi ýüzleý we aýdyň kemçilikleri ýüze çykarmak üçin esasy we iň ygtybarly görnüşleriň biri bolup durýar. Biziň hünärmenlerimiz wizual we ölçeg gözegçiligini ýokary derejede ýerine ýetirýärler we bu meselä uly jogapkärçilik bilen çemeleşýärler.

ULTRASES GÖZEGÇILIK

Ultrases gözegçiligi ähli pudaklarda iň köp ýaýran gözegçiligiň görnüşidir. Ultrases usuly esasan içerki kemçilikleri we iň howply tekizlik kemçilikleri ýüze çykarmak üçin ulanylýar. Ultrases gözegçiligini geçirmekde hünärmenlerimiziň uly tejribesi bar.

MAGNIT TOZGA GÖZEGÇILIK

Magnit tozga usuly ýüzleý ýa-da üst ýüze ýakyn ýerleşen öýjükleri we jaýryklary ýüze çykarmak üçin örän netijelidir.

RADIOGRAFIK GÖZEGÇILIK

Detektorlarda ionlaşdyryjy usul bilen ýagtylanýan kebşirlenen bogunyň içki gurluşynyň görünýän şekilini almagyň radiografiki usuly.

KAPILLÝAR GÖZEGÇILIK

Kapilýar gözegçiligi, göze görünmeýän ýa-da gowşak görünýän gözegçilik obýektleriniň kemçiliklerini ýüze çykarmak üçin niýetlenendir. Gözlegiň bu görnüşi, islendik ululykdaky we şekilli obýektleri anyklamaga mümkinçilik berýär. Hünärmenlerimiz, maddalaryň aralaşmak usuly bilen Siziň obýektiňiziň işini ýokary hilli ýerine ýetirerler.

ULTRASES GALYŇLYK ÖLÇEÝJI ENJAM

Ultrases galyňlygyny ölçeýji enjam tehnologiki enjamlaryň, turbageçirijileriň we desgalaryň barlanan böleginiň galyňlygyny bozman kesgitlemegiň iň ýaýran usullaryndan biridir.

ÝANGYN HOWPSUZLYGY

Ýangyn signalizasiýasuny professional gurnamak we hyzmat etmek - howpsuzlyk ulgamynyň netijeli işlemeginiň kepili bolup durýar.

SOWADYJYLARY GURNAMAK WE HYZMAT ETMEK

Ýokary hilli we ygtybarly sowadyjy enjamlar, azyk önümleri bilen iş salyşýan kärhanalaryň netijeli işlemeginiň möhüm düzüm bölegi bolup, olaryň saklanylyşy ýörite temperatura düzgünini talap edýär. Sowadyjy enjamlaryň uly ähmiýetiniň bardygy sebäpli, olary saýlamaga, gurnamaga we tehniki taýdan hyzmat etmäge jogapkärli çemeleşmegi üpjün etmek möhümdir. Biziň ýokary kär derejeli hünärmenlerimiz yzygiderli hyzmat etmek we wagtynda abatlaýyş işlerini alyp barýarlar.

Установка и обслуживание холодильников в Туркменистане

WENTILASIÝA WE SOWADYŞ ULGAMY

Biziň kompaniýamyz, klimat bazarynda, wentilýasiýa we kondisioner ulgamlaryny oturtmak, işe girizmek, hyzmat etmek hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär.

Система вентиляции и охлаждения в Туркменистане

HOWANY KONDISIONERLEME WE ÝYLADYŞ ULGAMY

Biziň kompaniýamyz, islendik çylşyrymly howany kondisionirleme we ýyladyş ulgamlaryny oturtmak we tehniki hyzmat etmek boýunça ýöriteleşendir. Bize ýüz tutup, professional gurnama we hyzmat, şeýle hem ähli zerur kepillikleri alarsyňyz.

TEREZI

"MIZAN HYZMAT" häzirki wagtda bar bolan Barlaghana, Awtoulaglar we Demir ýol terezisi ýaly ähli ölçeg serişdelerini gurnamak, abatlamak, hyzmat etmek we barlamak hyzmatlaryny amala aşyrýar. Ölçeg gurallarynyň ýokary ähmiýetini göz öňünde tutup, olaryň saýlap almagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi üpjün etmek möhümdir, MIZAN HYZMAT hünärmenleri ölçeg gurallaryny we olar üçin zerur bolan ähli esbaplary we sarp ediş materiallaryny saýlamakda we gowşurmakda bu meseläniň netijeli çözülmegine kömek eder. Ýokary kär derejeli hünärmenler gysga wagtyň içinde firma belgili komponentleri ulanmak we ygtybarly kepillik bermek bilen islendik çylşyrymly abatlaýyş işlerini geçirerler.

Лабораторные весы в Туркменистане

BETON GARYJY GURLUŞ

"MIZAN HYZMAT" beton garyjy gurluşy (BGG) gurnamak, işe girizmek we hyzmat etmek boýunça işleri amala aşyrýar. Uly tejribe we ökde hünärmenler topary beton garyjy gurluşy (BGG) gurnamak pudagynda islendik çylşyrymly taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Siziň ýüz tutmaňyz haýal etmän ýerine ýetiriljekdigine kepil geçýäris.

БСУ в Туркменистане
TOP