О НАС

2007-nji ýylda esaslandyrylan «Mizan hyzmat» guramamyz üstünlikli, durnukly we çalt ösýän kompaniýalaryň biridir.
«Mizan hyzmat» weýran etmeýän gözegçilik, basyş astynda işleýän turbalara, metal desgalara, gämilere we turbageçirijilere diagnostika ulgamynda hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär.
Şeýle hem, guramamyz ýangyn howpsuzlygy, sowadyjylary oturtmak we hyzmat etmek, howa çalşygy ulgamlary, sowadyş we ýyladyş ulgamynda giň gerim berýär.
Ýükgöteriji mehanizmlerini, enjamlary we ölçeg gurallaryny gurmak we hyzmat etmek boýunça uly tejribämiz bar.

Biziň wezipämiz, giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, türkmen we daşary ýurt kompaniýalaryna işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda kömek etmekdir.
Biziň maksadymyz müşderilere wagt we pul tygşytlaýan çözgütleri we hyzmatlary hödürlemek.
Guramamyz bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlyga taýyn ygtybarly işewür hyzmatdaş taparsyňyz.

Size üstünlik we rowaçlyk arzuw edýäris!
Hormatlamak bilen, «Mizan hyzmat» işgärler topary.

TOP